Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndy topary Gazagystan Respublikasynyň Şymkent şäherine tarap ýola düşdi. Şol ýerde türgenlerimiz täze möwsüme taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň ýolbaşçylygynda ýokary derejedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçerler.
Şymkent şäherindäki türgenleşikler 10-njy fewrala çenli dowam eder. Bu ýygnanyşyk türgenler üçin öňde duran jogapkärli halkara ýaryşlara taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar.
Bu taýýarlykda milli ýygyndynyň düzüminde 2025-nji ýylda Abu-Dabide (BAE) geçirilen dünýä çempionatynyň gahrymanlary — altyn medallaryň eýeleri Atajan Atamyradowyň we Pygy Silabowyň, şeýle-hem bürünç medalyň eýesi Toýlymyrat Ýegeleýewyň hem bardyklaryny bellemek gerek.