Kenarýaka gandbol boýunça türkmen ýygyndysy Aziýa oýunlarynyň bürünç medaly ugrunda göreşer

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenistanyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndy topary Hytaýyň günortasyndaky Haýnýan adasynda ýerleşýän Sanýa şypahana şäherinde tamamlanýan VI Kenarýaka Aziýa oýunlarynda bürünç medallar ugrundaky duşuşykda çykyş eder. Bu ýarym final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça belli boldy.

Biziň gandbolçy gyzlarymyz ýarym finalyň dartgynly geçen duşuşygynda Wýetnamyň wekillerinden asgyn geldiler. Beýleki ýarym finalda bolsa Hytaýyň ýygyndy topary Tailandyň toparyndan üstün çykdy.

Şeýlelikde, bürünç medal ugrundaky duşuşykda Türkmenistanyň gandbolçylary Tailandyň wekilleri bilen duşuşarlar. Altyn we kümüş medallar ugrunda Wýetnamyň we Hytaýyň ýygyndy toparlary bäsleşerler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info