Adaty karate boýunça türkmen ýygyndysy Merkezi Aziýanyň çempionatynda 16 medal gazandy

MilliInfo

11 Awgust, 2025

3—13-nji awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde adaty karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary dürli ýaş derejelerinde baýrakly orunlara eýe bolmagy başardylar.

Ýaryşyň netijeleri boýunça türkmen karateçileri 9 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medallara eýe çykdylar.

Çempionata sebitiň 5 döwletinden — Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan hem-de Täjigistandan 500 çemesi türgen gatnaşdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo