Erkin göreş boýunça türkmen ýygyndysy (U-17) Bakuwda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar

MilliInfo
Erkin göreş boýunça türkmen ýygyndysy (U-17) Bakuwda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar

27-nji iýul — 2-nji awgust aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 17 ýaşa çenli (U-17) türgenleriň arasynda göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Ýaryşyň dowamynda erkin, grek-rim we zenanlaryň sport göreşi boýunça medallar ugrunda bäsleşiler.

Bu ýerde häzirki wagtda bu abraýly halkara ýaryşa taýýarlygyň jemleýji tapgyryny geçýän erkin göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary hem çykyş eder. Toparyň düzümine Nöker Guwanjow (65 kg çenli), Mekan Hudaýberenow (71 kg çenli) we Şaapbas Esgerow (80 kg çenli) wekilçilik edýär.

Bütindünýä göreş birleşigi (UWW) tarapyndan tassyklanan gatnaşyjylaryň gutarnykly sanawyna görä, Bakuwdaky Milli gimnastika arenasynda geçiriljek bäsleşiklere dünýäniň 60 ýurdundan 663 pälwanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Dünýäniň abraýly sport meýdançasynda geçiriljek bu çykyşlar ýaş türkmen türgenleriniň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezmegine mümkinçilik döreder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info