Türkmen ýygyndysy Abu-Dabide geçiriljek «Gran Fondo» welosiped ýaryşyna gatnaşar

MilliInfo

3 Dekabr, 2025

Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy dekabrda Abu-Dabide geçiriljek Welosport hepdeliginiň çäklerinde guralýan abraýly «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşar. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Hameli «Нейтральный Туркменистан» gazetinde eden çykyşynda habar berdi.

Diplomatyň sözlerine görä, BAE-niň ilçihanasy türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösdürilmegini yzygiderli goldaýar, şol sanda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň üsti bilen hem uly ösüşlere ýardam berýär. Ol döwletara gatnaşyklary berkitmäge goşandyny goşan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini belläp geçdi.

Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermegi bilen Abu-Dabi klubunyň ýaş welosipedçileri üçin ýurdumyzyň çägindäki üçünji okuw-türgenleşik ýygnanyşygy ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem oktýabrda Aşgabatda iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan hem-de 120 gatnaşyjyny özünde jemlän üçünji fitnes çäresi üstünlikli geçirildi.

BAE-niň ilçisi Ahmed Al-Hameli şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belläp geçdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo