Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başlady

MilliInfo

3 Sentýabr, 2026

Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başlady

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy «Aziýanyň Kubogy –2027-niň» saýlama tapgyryndaky çykyşyna ýeňiş bilen başlady. Duşuşyklary Tailandyň Çonburi şäherinde geçirilýän «F» toparçanyň ilkinji duşuşygynda türkmen futbolçylary Yragyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdylar. Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýty Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu ýeňşini garaşylmadyk netije hökmünde häsiýetlendirdi.

Duşuşykda hasap 15-nji minutda açyldy. 11 metrlik jerime urgusyny takyk ýerine ýetiren Ýakupmuhammet Gowşudow türkmen ýygyndysyny öňe çykarmagy başardy. Ikinji ýarymda yrakly futbolçylar hasaby deňlemegiň hötdesinden geldiler. 59-njy minutda Moamel Malik Sabah Alşawi güýçli hem-de takyk urgy bilen topy derwezeden geçirdi.

Muňa garamazdan, türkmen futbolçylary ýene öňe çykmagyň hötdesinden geldiler. 77-nji minutda Weýisgeldi Orazdurdyýew türkmen toparynyň ýeňiş goluny derwezä gönükdirdi.

«F» toparynyň beýleki duşuşygynda ýaryşyň eýesi bolan Tailandyň ýygyndysy BAE-niň toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeke-täk gol goşmaça wagtyň ilkinji ýarymyna goşulan minutlarynda Siwakorn Ponsan tarapyndan geçirildi.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy nobatdaky oýnuny şu gün — 3-nji sentýabrda Tailandyň ýygyndysyna garşy geçirer. 6-njy sentýabrda bolsa BAE-niň ýygyndysy bilen duşuşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info