23-25-nji awgust aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň III Açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşa 9 ýurtdan: Gazagystandan, Türkmenistandan, Tailanddan, Täjigistandan, Gruziýadan, Singapurdan, Gyrgyzystandan, Saud Arabystanyndan we ýer eýeleri bolan Özbegistandan 300-e golaý türgen gatnaşdy.
Bu ýaryşda türkmen türgenleri jemi 7 medal gazanmagy başardylar. Olaryň 2-si altyn, 3-si kümüş, galan 2-si bolsa bürünç medallardyr.
Ýaryşyň aýratyn ähmiýeti onuň gatnaşyjylarynyň geljek ýyl Pekinde geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry üçin gymmatly reýting utuklaryny gazanyp bilendikleri bilen bagly boldy.
Ýaryşlaryň netijesi boýunça umumy hasapda birinji orny Özbegistanyň ýygyndy topary eýeledi (22 altyn, 20 kümüş we 19 bürünç medal).
Gazagystan 10 altyn, 8 kümüş we 6 bürünç medal bilen ikinji boldy. Türkmenistan bolsa hormatly üçünji orny eýeledi (2 altyn, 3 kümüş, 2 bürünç).
Tailand 1 altyn medal bilen dördünji orunda ýerleşse, Täjigistan 1 kümüş we 3 bürünç medal bilen «TOP-5» sanawy jemledi.
