46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynyň alty tapgyryndan soň Türkmenistanyň iki ýygyndysy hem ajaýyp netijeleri görkezip, özleriniň deslapky bellenen reýting orunlaryndan 30–40 basgançak ynamly öňe süýşdüler.
Erkekler ýygyndymyz 206 gatnaşyjynyň arasynda 25-nji orny eýeleýär (deslapky sanawda 65-nji orun berlipdi), zenanlar ýygyndy toparymyz bolsa 190 toparyň arasynda 26-njy orunda ýerleşýär (ozal 55-nji orun berlipdi). Mümkin bolan 12 utukdan 9 utugy öz hasabyna ýazan ýygyndylarymyz dynç alyş gününiň öňüsyrasyndaky duşuşyklary ýokary reýtingli garşydaşlaryndan asgyn gelmän, örän üstünlikli geçirdiler.
Erkekler toparymyz Slowakiýa bilen geçirilen duşuşykda täsirli deňlige (2:2) eýe boldy (onda Meýlis Annaberdiýew ýeňiş gazandy) hem-de Daniýanyň ýygyndysyny 3½:½ hasabynda uly ýeňlişe sezewar etdi. 5 mümkinçilikden 4,5 utuk toplan Meýlis Annaberdiýew we ähli 3 partiýasynda hem rekord netije bilen ýeňiş gazanan Wepaly Halynyýazow ajaýyp taýýarlyk derejesini görkezýärler. Erkekler ýygyndymyza toparyň kapitany hökmünde Serdar Annaberdiýew ýolbaşçylyk edýär.
Zenanlar ýygyndymyz Argentina bilen bolan duşuşykda erjel göreş netijesinde (2½:1½) ýeňiş gazandy we diňe grossmeýsterlerden ybarat bolan Ispaniýanyň güýçli ýygyndysy bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Ýaryşyň hakyky täsin açyşyna öwrülen Mähri Agamyradowa 5 duşuşykdan 4,5 utuk gazanyp, öz şahsy reýtingine 100-den gowrak utuk goşdy. Zenanlar toparymyza Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Mergen Kakabaýew tälim berýär.
Şu gün ýygyndylarymyz 7-nji tapgyryň duşuşyklaryny geçirerler: erkekler toparymyz Awstriýanyň, zenanlar ýygyndymyz bolsa Angliýanyň topary bilen duşuşar. Bäsleşik 27-nji sentýabrda 11-nji tapgyryň duşuşyklary we ýapylyş dabarasy bilen jemlener.
