Şu gün — 7-nji aprelde paýtagtymyzda Türkmenistanyň işewürler jemgyýetçiligi üçin möhüm waka bolan «Eksport ulgamynda tejribe alyşmak güni» geçirilýär. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan guralan bu çäre öňdebaryjy telekeçileri, hünärmenleri we halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Eksporty öňe sürmek (höweslendirmek) şu günki gün Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem, bu günki forumyň baş maksady diňe bir habar bermek däl-de, eýsem, ýerli önümleri halkara giňişligine çykarmak üçin hakyky gurallary döretmekden ybaratdyr.
Çäräniň esasy maksatlaryna gatnaşyjylary bankyň häzirki taslamalarynyň çäklerinde eksporty goldamak gurallary we ösdürmek mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, daşary ykdysady işjeňligiň möhüm ugurlary boýunça amaly ussatlyk sapaklary geçirmek, şeýle hem eksportçylaryň arasynda tejribe alyşmak we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin meýdança döretmek ýaly ugurlar girýär.
«Tejribe alyşmak gününiň» çäklerinde bilim bölümine hem aýratyn üns berler. Çagyrylan hünärmenler logistikadan we önümleri sertifikatlaşdyrmakdan başlap, brendi daşary ýurtly satyn alyjylaryň talaplaryna uýgunlaşdyrmagyň marketing strategiýalaryna çenli bolan giň gerimli temalar boýunça ussatlyk sapaklaryny geçirerler.