Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 27-nji iýulda geçirilen söwdalarda jemi 3 million 224 müň 400 manat bolan iki sany şertnama hasaba alyndy.
Söwda amallary ýerli telekeçileriň içerki bazar üçin niýetlenen önümlere uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.
Baglaşylan şertnamalaryň esasy bölegini buýan köküniň goýy ergini we ýurduň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen ýokary hilli nah ýüplügi satyn almak amallary düzdi. Geçirilen söwdalar ýerli çig mala we dokma önümlerine islegiň durnuklydygyny tassyklady, olar içerki bazary harytlar bilen üpjün etmäge ýardam edýärler.
