Şu gün — 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge durmuş ugurly döwlet syýasatynyň many-mazmunyny kesgitledi. Mälim bolşy ýaly, öňde goýlan giň gerimli maksatlara ýetmegiň ýoly Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen we kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri Milli Liderimiziň ady we durmuşa geçiren beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň binýadyny goýan döwlet syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilmegi bilen Watanymyz ähli ugurlarda okgunly ösüşleriň aýdyň ýolunda ynamly öňe barýar. Bu hakykat 2025-nji ýylyň görkezijilerinde hem aýdyň beýanyny tapýar. Geçen ýylyň jemlerine ýagyşlanan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny we kesgitlenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini belledi. «Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bularyň ählisi gazanylýan üstünlikleriň durmuş ugruna gönükdirilendigini tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň dünýäniň şähergurluşyk ulgamynda uly ykrarnama eýe bolandygyny bellemek gerek. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu şäher häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Ýurdumyz tarapyndan hödürlenip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryň sany yzygiderli artýar. Hususan-da, bu abraýly sanawa ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň girizilmegi milli medeni gymmatlyklarymyzyň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde öňde goýlan belent maksatlaryň ählisine üstünlikli ýetiler diýip ynam bilen aýdyp bileris. Köpýyllyk tejribäniň görkezişi ýaly, öz maksatlaryna ýetmekde agzybirlikde hereket edýän türkmen halky häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň bähbidine giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyplydyr.