Şu gün «Barselona» «Atletiko» bilen duşuşar: oýnuň başlanjak wagty we görkeziljek teleýaýlymy

MilliInfo

2 Dekabr, 2025

Şu agşam, 3-nji dekabra geçilýän gije Ispaniýanyň La Ligasynyň 19-njy tapgyrynyň çäginde katalonlylaryň «Barselona» hem-de Madridiň «Atletiko» toparlary duşuşar. Oýun Barselonadaky «Spotify Camp Nou» stadionynda geçiriler.

Duşuşyk «Match TV» teleýaýlymynda göni efirde görkeziler. Oýun Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlar.

Häzirki wagtda «Barselona» 14 duşuşykda 34 utuk toplap Ispaniýanyň çempionatynda birinji orny özünde saklaýar. «Atletiko» 31 utuk bilen 4-nji orunda ýerleşýär.

İkinji orunda 34 utuk toplan «Real», üçünji ýerde bolsa 32 utukly «Wilýarreal» bar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo