Uly futbol gijesi: Şu gün — Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda soňky aýlaw

MilliInfo

28 Ýanwar, 2026

Şu agşam — 29-nj ýanwara geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/26 möwsüminiň umumy tapgyrynyň sekizinji, ýagny iň soňky aýlawy geçiriler. 18 duşuşygyň ählisi bir wagtda — Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlanar. Şu agşam ýaryş tertibiniň iň soňky ýagdaýy kesgitlener.

Soňky tapgyrdan öňdäki ýagdaý

Täze düzgünler: kimler 1/8 finala çykar

Eýýäm ikinji möwsümde Çempionlar ligasy täze düzgün esasynda geçirilýär.

  • Umumy tapgyrda ilkinji 8 orny eýelän toparlar göni 1/8 finala çykýarlar.

  • 9-njy orundan 24-nji orna çenli ýerleri eýelän klublar pleý-off (goşmaça) tapgyrynda güýç synaşarlar.

  • 24-nji orundan aşakda galan toparlar bolsa möwsümi tamamlaýarlar.

Çekeleşikli pursatlar

Utuklaryň biri-birine golaýlygy sebäpli bäsdeşlik diýseň ýokarydyr. Eýýäm indiki tapgyra geçmegi başaran «Arsenal» we «Bawariýa» klublaryndan başga-da, «Real», «Liwerpul» we «Tottenhem» toparlary hem 1/8 finala göni çykmaga gaty golaý barýarlar.

Ondan aşakdaky orunlarda bolsa hakyky göreş dowam edýär. Sekiz klubuň her biriniň 13 utugy bar. «Barselona», «Mançester Siti», «Atletiko», «Inter» we «Ýuwentus» häzirlikçe ilkinji sekizligiň daşynda duran bolsalar-da, umumy tapgyry şowly tamamlamaga mümkinçilikleri bar. Göni berilýän galan 6 ýollanma ugrunda jemi 16 topar göreşer.

Şol bir wagtda, birnäçe meşhur klublar hatda ilkinji 24-lige hem girip bilmän, möwsümi wagtyndan öň tamamlamak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bular: «Napoli» (8 utuk), «Benfika» we «Aýaks» (6 utuk).

«Aýntraht» (4), «Slawiýa» (3), «Wilýarreal» we «Kaýrat» (1) toparlary üçin bolsa bu soňky aýlaw diňe resmi häsiýete eýedir — bu klublaryň pleý-off tapgyryna çykmak üçin matematiki mümkinçilikleri asla galmady.

Sekizinji aýlawyň tertibi

  • «Aýaks» (Niderlandlar) — «Olimpiakos» (Gresiýa)

  • «Arsenal» (Angliýa) — «Kaýrat» (Gazagystan)

  • «Monako» (Fransiýa) — «Ýuwentus» (Italiýa)

  • «Atletik» (Ispaniýa) — «Sporting» (Portugaliýa)

  • «Atletiko» (Ispaniýa) — «Býude-Glimt» (Norwegiýa)

  • «Baýer» (Germaniýa) — «Wilýarreal» (Ispaniýa)

  • «Borussiýa D» (Germaniýa) — «Inter» (Italiýa)

  • «Brýugge» (Belgiýa) — «Marsel» (Fransiýa)

  • «Aýntraht» (Germaniýa) — «Tottenhem» (Angliýa)

  • «Barselona» (Ispaniýa) — «Kopengagen» (Daniýa)

  • «Liwerpul» (Angliýa) — «Garabag» (Azerbaýjan)

  • «Mançester Siti» (Angliýa) — «Galatasaraý» (Türkiýe)

  • «Pafos» (Kipr) — «Slawiýa» (Çehiýa)

  • «PSŽ» (Fransiýa) — «Nýukasl» (Angliýa)

  • «PSW» (Niderlandlar) — «Bawariýa» (Germaniýa)

  • «Ýunion» (Belgiýa) — «Atalanta» (Italiýa)

  • «Benfika» (Portugaliýa) — «Real Madrid» (Ispaniýa)

  • «Napoli» (Italiýa) — «Çelsi» (Angliýa)

Haýsy platformalarda tomaşa edip bolar?

«Belet» platformasynyň göni ýaýlym bölüminde (tölegli abuna esasynda) şu duşuşyklar elýeterli bolar:
«Barselona» — «Kopengagen», «Mançester Siti» — «Galatasaray», «Benfika» — «Real Madrid», «Napoli» — «Çelsi».

«Persiana Sports» (IP-TV) telekanalynda «Benfika» — «Real Madrid» duşuşygy görkeziler. Ähli oýunlaryň netijeleri bilen bolsa championat.com platformasynda onlaýn tertipde tanşyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info