Selfi üçin töwekgellik edeniňe degýärmi: Hindistan şeýle sebäpden ejir çekýänleriň sany boýunça öňde barýar

MilliInfo

26 Awgust, 2025

«The Barber Law Firm» ýuridiki kompaniýasynyň hünärmenleri 2014-nji ýylyň martyndan 2025-nji ýylyň maýyna çenli dünýä boýunça selfi bilen bagly bolup geçen wakalary seljerdi. Habar çeşmeleriniň maglumatlary esasynda ýaýbaňlandyrylan seljermelerde diňe öz-özüni surata (selfi) düşürmek synanyşy bilen bagly göni ýagdaýda şikes almalar ýa-da aradan çykmalar bellik edildi.

Bu ugurda iň howply ýurduň Hindistandygyny seljermeleriň netijeleri tassyklady. Bütin dünýäde bolup geçen selfi bilen bagly şikesleriň hem-de aradan çykmalaryň 42 %-i Hindistanda bolup geçipdir. Bu ýerde şeýle ýagdaýlaryň 271-si (214 — aradan çykma, 57 — şikes) bolupdyr.

Şeýle hasaplamalarda ikinji basgança ýerleşen ABŞ-da pajygaly ýagdaýlaryň 45-si (37 adam aradan çykyp, 8 ynsan ejir çekdi) bellige alnypdyr.

Şunuň ýaly wakalaryň 19-sy bolup geçen (18 ynsan aradan çyksa, bir adam ejir çekdi) Russiýa Federasiýasy sanawyň öňdäki üçlügini jemleýär

Owadan selfiniň hatyrasyna ejir çekenleriň sany boýunça öňde barýan ýurtlaryň onlugy:

1. Hindistan — 271;

2. ABŞ — 45;

3. Russiýa — 19;

4. Pakistan — 16;

5. Awstraliýa — 15;

6. Indoneziýa — 14;

7. Keniýa — 13;

8. Beýik Britaniýa — 13;

9. Ispaniýa — 13;

10. Braziliýa — 13.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo