Zenanlar telekeçiliginiň ornuna we mümkinçiliklerine aýratyn üns bermek bilen, aýlawlaýyn ykdysadyýet baradaky meseleler 18-19-njy sentýabrda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) goldawy bilen Aşgabatda guralan seminarda ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bu çäräni durnukly ykdysady ösüşi berkitmegiň, biznes infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň guraly hökmünde aýlawly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça toplanan halkara tejribäni paýlaşmak maksady bilen gurady. Bu ugurda aýratyn üns, esasan hem, zenanlara degişli bolan kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryna gönükdirildi.
Seminara Mejlisiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, zenan telekeçiler we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Seminar gibrid görnüşde geçirildi: halkara bilermen öz çykyşyny uzak aralykdan onlaýn tertipde alyp bardy. Bilermen aýlawlaýyn ykdysadyýeti Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň guraly hökmünde düşündirip, onuň artykmaçlyklaryna aýratyn ünsi çekdi. Gatnaşanlar aýlawlaýyn ykdysadyýetiň ýörelgelerini, strategiýalaryny we çemeleşmelerini öwrenip, onuň işewürlik modelleri boýunça pikir alyşdylar.
«Aýlawlaýyn ykdysadyýet – bu diňe çalşyp bolýan mümkinçilik däl, eýsem, hakyky zerurlykdyr» diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ykdysady-ekologiýa bölüminiň müdiri Oliwera Zurowak-Kuzman belledi. «Biziň gepleşiklerimiz serişdeleri netijeli ulanmak, galyndylary azaltmak we ýapyk aýlawly ulgamlaryň üsti bilen durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine gönükdirildi, bu bolsa ÝHHG-niň gymmatlyklary bilen doly gabat gelýär. Bu gymmatlyklar parahatçylyga, ykdysady ösüşe we tebigy serişdeleri oýlanyşykly ulanmaga ýardam berýär».
Seminaryň dowamynda kärhanalar derejesinde aýlawlaýyn ykdysadyýete geçişe we degişli tejribeleri ornaşdyrmaga bagyşlanan sessiýalar hem geçirildi. Gyzykly ara alyp maslahatlaşmalar aýlawlaýyn ykdysadyýetde zenan telekeçileriň orny boýunça ähmiýetli netijeler bilen jemlendi.
«Bu ugurda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek diňe bir peýdaly däl, eýsem, hökmany zerurlykdyr. Dünýäniň köp ýurtlarynda aýlawlaýyn ykdysadyýetiň zenan telekeçiligini nädip goldaýandygyny görkezýän möhüm mysallar bar» diýip, Zurowak-Kuzman aýratyn nygtady.
«Bu mysallar zenan telekeçileri goldamagyň dürli-dürlüligi we inklýuziwligi ösdürmek arkaly ykdysadyýeti durnukly ösüş esasynda pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny görkezýär» diýip, ol sözüni jemledi.

