Senegalyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň Afrikanyň Milletler kubogynyň final duşuşygynda Marokkonyň ýygyndysyny ýeňlişe sezewar edip, taryhda ikinji gezek bu abraýly ýaryşyň ýeňijisi boldy. Duşuşyk goşmaça wagtyň netijesi boýunça 1:0 hasabynda tamamlandy.
Senegal 2021-nji ýylda Afrikanyň Kubogyny gazanypdy. Kamerunda geçirilen aýgytly oýunda «arslanlar» Müsüriň milli ýygyndysyndan güýçli çykypdylar. Şol duşuşygyň esasy we goşmaça wagty deňme-deň hasap jemlenipdi, oýundan soňky 11 metrlik urgularda (penaltilerde) bolsa senegallylar 4:2 hasabynda ýeňiş gazanypdylar.
Bellemeli zat, Marokko bilen bolan duşuşygyň Senegala ýeňiş getiren ýeke-täk goluny netijeli çykyş edýän ýarymýoragçy Pap Geýe derwezä gönükdirdi.
Bu ýygyndy toparda AFK-nyň Çempionlar ligasy - 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynda ýurdumyzyň «Arkadag» topary bilen duşuşjak «Al-Nassryň» oýunçysy Sadio Maneniň hem çykyş edýändigini bellemek gerek.