2026-njy ýylyň sentýabry smartfon bazary üçin iň dartgynly aýlaryň birine öwrüler

MilliInfo

27 Iyul, 2026

2026-njy ýylyň sentýabry smartfon bazary üçin iň dartgynly aýlaryň birine öwrüler

Adatça, täze flagman modelleriň tanyşdyrylyşy gezekleşdirilip , güýz günlerinde tanyşdyrylýardy. Ýöne bu gezek beýle bolmaz. Insaýder «Digital Chat Stationyň» habaryna görä, sentýabrda ägirt brendleriň bäşisi birbada tanyşdyrylar.

«Apple» kompaniýasynyň «iPhone 18», «Huawei» brendiniň «Mate 90», «Xiaominiň» «Xiaomi 18» smartfonlary, şeýle hem «Vivo X500» we «Oppo Find X10» modelleri çykar.

Ençeme ýyldan soň «Huawei» täzeden öňki sentýabr grafigina gaýdyp gelýär we göni «Apple» bilen bäşleşýär. «Vivo» we «Oppo» hem gijä galmak — güýzüň ahyryna garaşmak islemedi. Olar hem sentýabr aýynda bäsleşige goşulmagy meýilleşdirýärler.

​Şeýlelikde, bu güýz alyjylar we tehnologiýa muşdaklary üçin hakyky tazeliklere baý bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info