Geljek aýda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň hem-de wagyz-nesihat çärelerini, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek dabaralarynyň, teatrlarda täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleriniň guralmagy, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer B.Seýidowanyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 28-nji awgustda geçirilen mejlisinde beren hasabatynda aýdyldy.
Mundan başga-da:
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara sylaglaryň gowşurylyş dabaralarynyň,
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň,
medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle hem:
şanly sene mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň,
welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabarasynyň,
Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly ýörişiň,
konsertiň,
Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň,
Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
