Şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň Tertibi taýýarlanyldy. Bu barada 29-njy awgustda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda wise-premýer B.Seýidowa beýan etdi.
Sentýabr aýynda aşakda bellenen esasy medeni çäreler ýaýbaňlandyrylar:
«Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry;
«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry;
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti;
Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy;
Welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralary;
Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýöriş.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.