Sentýabrda Dubaýda menýusy emeli aň tarapyndan dolandyrylýan «Woohoo» retorany açylar

MilliInfo

24 Iyul, 2025

Restoranyň tagamlary fiziki taýdan aşpezler tarapyndan taýýarlanar, muňa garamazdan, menýu döretmekden başlap, kafeniň atmosferasyna we tagamlaryň hödürlenişine çenli ähli zat «Chef Aiman» dil modeli tarapyndan dolandyrylar. «New York Times» tarapyndan hödürlenen habarda aýdylyşy ýaly, ol gastronomiýa we önümleriň molekulýar düzümi boýunça müňlerçe mümkinçilikleri we ylmy gözlegleri öwrendi.

Taslamany döredijiler adaty bolmadyk tagam kombinasiýalaryny we düzümlerini wada berýärler. Soňra ähli tagamlary Dubaýyň meşhur aşpezi Reýf Otmanyň ýolbaşçylygyndaky aşpezler topary dadyp görer.

«AI-aşpezini» döredijiler restoran pudagynda adamlaryň mümkinçiliklerini hem saklap galjakdyklaryny öňe sürýärler, emeli aň bu ýerde goşmaça gural hökmünde çykyş eder. Neýroulgam restoranlarda köplenç zyňylýan önümlerden hem tagamlary hödürläp biler.

Restorany esaslandyryjylaryň pikiriçe, geljekde uly dil modeli beýleki restoranlaryň ygtyýarnamasy bilen ulanylyp bilner, bu aşhana galyndylarynyň mukdaryny azaldar we iýmit taýýarlanylyşynyň ekologiýa taýdan arassa bolmagyny üpjün eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo