«Ahal» bilen «Sepahanyň» AFK Çempionlar ligasy – 2 ýaryşyndaky oýny deňlikde tamamlandy

MilliInfo

15 sagat öň

Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy – 2 ýaryşynyň «C» toparçasyndaky nobatdaky duşuşygyny Eýranyň «Sepahan» topary bilen geçirdi. Yspyhan şäherindäki «Nagş-e-Jahan» stadionynda bolan oýun 2:2 hasabynda tamamlandy.

Türkmen toparynyň gollaryny 27-nji minutda Süleýman Mirzoýew we 62-nji minutda Bagtyýar Gürgenow geçirdi. Eýranyň klubundan bolsa 9-njy minutda Araş Rezawand we 81-nji minutda Mohammad Asgari tapawutlandy.

Şeýle hem, 66-njy minutda ikinji sary kartyny alandygy sebäpli, «Ahalyň» futbolçysy Azat Rahmanow meýdançadan çykaryldy.

Üç tapgyrdan soň «C» toparçada Iordaniýanyň çempiony «Al-Hussein» 6 utuk bilen öňdeligi saklaýar. «Sepahan» 4 utuk, «Ahal» bolsa 1 utuk jemledi.

Toparçada Hindistan kluby «Mohun baganyň» ýaryşdan çykarylandygy sebäpli, «Ahal» 5-nji tapgyrda duşuşyk geçirmez. «Ahal» topary 23-nji dekabrda «Al-Hussein» bilen soňky 6-njy tapgyrdaky oýnuna çykar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo