Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň sekiz aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gallaçy daýhanlarymyz üçin möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini, ekişi agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, hormatly ýaşululardan bugdaý ekişine «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.