Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlyklygyna saýlandy

MilliInfo

Şu gün — 5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş foruma gatnaşyjylary mähirli garşyladylar.

Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, BMG-niň Baş sekretary maslahaty açyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlyklygyna saýlanandygyny mälim etdi hem-de çykyş etmek üçin döwlet Baştutanymyza söz berdi. Bu barada «Watan» elektron gazeti habar berdi.

Çuňňur manyly çykyşynda hormatly Prezidentimiz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösüşiniň ynsanperwer, durmuş-ykdysady, ekologik jähetlerine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlaryň ähmiýeti hem-de Türkmenistanyň olary durmuşa geçirmekde eýeleýän işjeň orny barada belledi.

Onlarça döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň, millionlarça adamyň abadan durmuşynyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen ýokary derejeli forumyň hemişelik Bitarap Watanymyzda geçirilmegi hem-de bu iri çäräniň esasy maslahatyna başlyklyk etmegiň hormatly Prezidentimize ynanylmagy berkarar döwletimiziň dünýädäki abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky nyşanydyr.

Maslahat öz işini dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo