Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Işewür ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Erik Stýuart hormatly Prezidentimiziň geçen ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda Prezident Donald Tramp bilen geçiren duşuşygynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçirilen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahatynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga gowy mümkinçilik döredendigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar deňhukukly hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Soňky ýyllarda döwletara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi ýola goýlan gatnaşyklary has-da ilerletmäge itergi berýär. Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan dünýä belli «Boeing», «General Electric», «John Deere», «Case New Holland», «Nicklaus Design» ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesini toplady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň uly goşandyny nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistan bilen ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigini we hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen belläp, işewür düzümleriň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Işewür bildirilýän ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga, bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.