Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady

MilliInfo

2 sagat öň

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady

Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne Gutlagyny ýollady. Onda şeýle sözler aýdylýar:

Hor­mat­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri!

Si­zi hü­när baý­ra­my­ňyz — Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak mu­kad­des we asyl­ly iş­dir. Bu ýö­rel­ge­den ugur alyp, biz ýur­du­myz­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hem-de döw­le­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň bag­ty­ýar, aba­dan we sag­dyn ýa­şaý­şy­ny üp­jün ed­ýä­ris. Yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny öňe sür­mä­ge, be­den­ter­bi­ýä­ni we köp­çü­lik­le­ýin spor­ty ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len taý­ýar­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na gö­rä yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­ýä­ris. Döw­re­bap has­sa­ha­na­la­ry­dyr sag­lyk mer­kez­le­ri­ni, der­man se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­ny yzy­gi­der­li gu­rup ulan­ma­ga ber­ýä­ris. Luk­man­çy­lyk yl­my­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, san­ly ul­ga­my hem-de eme­li aňy sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na tap­gyr­la­ýyn or­naş­dyr­mak bi­len, ila­ty­my­zy ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry bi­len gur­şa­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we der­man se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýä­ris.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da hem si­ziň hü­när baý­ra­my­ňy­za ga­bat­lap, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry, san­ly we eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ry­lan Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki, Hal­ka­ra pe­diat­ri­ýa we Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­kez­le­ri­ni, «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­ny da­ba­ra­ly açyр ulan­ma­ga ber­ýä­ris. Bu aja­ýyp bi­na­lar­da si­ziň Gip­pok­rat, Klaw­diý Ga­len, And­reas We­za­liý, Lui Pas­ter, Abu Aly ibn Si­na, Se­ýit Ys­ma­ýyl Gür­gen­li, Mu­ham­met Gaý­maz Türk­men, Abu­be­kir Ra­zy, Je­la­led­din Hy­dyr ýa­ly Gün­ba­ta­ryň we Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­dar­la­ry­nyň luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň ösü­şi­ne go­şan ägirt uly go­şant­la­ryn­dan hem-de yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da­ky ýö­rel­ge­le­rin­den, Gahryman Arkadagymyzyň milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek­dä­ki be­ýik baş­lan­gyç­la­ryn­dan we «Bag­ty­ýar­lyk sag­lyk­dan baş­lan­ýar» di­ýen tag­ly­ma­tyn­dan ugur alyp, yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da has-da tä­ze be­lent sep­git­le­re ýet­jek­di­gi­ňi­ze berk ynan­ýa­ryn.

Hor­mat­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri!

Dö­wür biz­den alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­zi has-da kä­mil­leş­dir­me­gi ta­lap ed­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bi­len bir­lik­de, luk­man­la­ry taý­ýar­la­mak hem-de ola­ryň hü­nä­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýä­ris. Bu ugur­da Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň bel­li yl­my-kli­ni­ki we yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri, öň­de­ba­ry­jy has­sa­ha­na­la­ry, ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze bas­gan­ça­ga çy­kar­ýa­rys. Ýur­du­my­zyň luk­man­la­ry­nyň we hü­när­men­le­ri­niň dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­ni öz­leş­dir­mek­le­ri, hal­ka­ra mas­la­hat­la­ra, okuw­la­ra gat­naş­mak­la­ry üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýä­ris. Şeý­le­lik­de, gün-gün­den kä­mil­leş­ýän milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my hal­ky­my­zyň sag­dyn we bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň yg­ty­bar­ly ke­pi­li­ne öw­rül­ýär.

Ga­dyr­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri!

Biz da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­my­zyň mö­hüm ug­ry bo­lan hem-de umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­lent mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len yl­my-luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dü­rip, döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky yg­ty­bar­ly köp­rü­le­ri gur­ýa­rys. Bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry­myz dün­ýä­de ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga hem-de be­jer­mä­ge, sag­dyn we bag­ty­ýar dur­mu­şy üp­jün et­mä­ge, luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny umu­my bäh­bit­ler üçin ulan­ma­ga esas­lan­ýar.

Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, Ça­ga­lar gaz­na­sy, Ilat gaz­na­sy ýa­ly iri hal­ka­ra guramalar, şeý­le hem Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy yl­my-luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li gi­ňelt­mek ar­ka­ly äh­lu­mu­my sag­ly­gy go­ra­ýyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýar. Yl­my-luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy esa­syn­da bi­le­lik­dä­ki yl­my-bar­lag­la­ry ge­çir­mek, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň yn­san sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri­ne gar­şy gö­reş­mek ýa­ly hä­zir­ki döw­rüň örän mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça tek­lip­le­ri öňe sür­ýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň alyp bar­ýan yn­san­per­wer iş­le­ri bi­ziň yl­my-luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­my­zyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan iň be­lent we nus­ga­lyk ta­ra­py­dyr. Gaz­na­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na dür­li ýurt­lar­da te­bi­gy ha­dy­sa­lar­dan ejir çe­ken ça­ga­la­ra yn­san­per­wer kö­mek be­ril­ýär, luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri we azyk önüm­le­ri ibe­ril­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň ta­rap­da­ry bo­lan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň Ýer ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­ny bar­ha be­len­de gö­ter­ýär.

Hor­mat­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri!

Si­zi ýur­du­myz­da giň­den bel­len­ýän Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze berk jan sag­ly­gy­ny, asu­da we bag­ty­ýar dur­mu­şy, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek ug­run­da alyp bar­ýan ýa­daw­syz iş­le­ri­ňiz­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info