Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşinde, halkara abraýyny berkitmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn strategik we giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna, iki ýurduň halklarynyň bähbidine täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gutlag hatynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň halkara giňişlikde özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny belläp, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info