Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabatdaky mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

MilliInfo

Şu gün — 15-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Bu barada «Türkmenistan» elektron gazeti habar berdi.

Ir bilen Aşgabatdan Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen döwlet Baştutanymyzy dabaranyň geçirilýän ýerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Lebap welaýatynyň häkimi garşyladylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz ýörite gurnalan mejlisler zalynda toplumyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli söz sözledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenilmegi netijesinde mineral dökünleri öndürmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça zerur işleriň amala aşyrylýandygyny, şunlukda, himiýa senagatynyň uly özgerişleri başdan geçirýändigini belledi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyny Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Daewoo» koreý kompaniýasy ýerine ýetirer. Superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän toplum bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa edilenden soňra, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju çykyş etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynda guruljak mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýörite gutuda ýadygärlik ýazgy galdyryp, il sylagly ýaşulular bilen bilelikde täze toplumyň gurluşygyna ak pata berdi.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak himiýa kärhanasy ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini hem-de içerki sarp edijileri has ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo