5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawany kabul etdi.
Myhman Türkmenistanyň ykdysady ulgamda gazanýan üstünliklerini belledi hem-de Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Işewür türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň uly goşandyna aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz myhmanyň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, işewüre saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak, deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejedäki yzygiderli saparlar hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Saparyň dowamynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi we möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky bilen indi köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny we birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtamak gerek.
Kadzuhiko Amakawa Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat pudagyndaky özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde işewürlik üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini aýdyp, wekilçilik edýän bankynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny, şu nukdaýnazardan, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda ýapon tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyz bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Kadzuhiko Amakawa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.