Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

MilliInfo

3 Oktýabr, 2025

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem iş maslahatyny geçirdi.

...Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ähli binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi we käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabaty Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada boldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň hasabatynda onuň ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 10-njy oktýabrda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenip geçiler. Şu mynasybetli köp sanly möhüm ähmiýetli çäreler, şol sanda halkara çäreler geçiriler. Saglygy goraýyş desgalary açylyp ulanmaga berler.

Hormatly Prezidentimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gowy taýýarlyk görmegiň, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrunda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo