3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara sene mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Geçirilmegi indi asylly däbe öwrülen bu giň gerimli sport çäresi ilatyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sport medeniýetini ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Bütindünýä welosiped güni welosportuň giňden wagyz edilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini-de görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmeginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek.
...«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şu ajaýyp gününde welosipedli ýöriş paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aldy. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübäreklediler. Soňra medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde sagdyn durmuş ýörelgesini, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlar tamamlanandan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu asylly çärä gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.
...Bellenilen ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen dowam etdi. Köpetdagyň dag etekleriniň gözel görnüşleri, paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterýär.
...Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Şeýlelikde, şu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygynyň aýdyň güwäsi boldy.