Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň köptaraplaýyn ykdysady dialogy giňeltmäge we GDA ýurtlarynyň söwda hem-de maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.
Forumyň jemleri boýunça žurnalistler bilen guralan söhbetdeşlikde GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew geçirilen duşuşygyň ýokary derejede guralandygyny we netijeli bolandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, mejlisiň dowamynda gün tertibiniň 28 meselesine garaldy we ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini tassyklaýan möhüm çözgütler kabul edildi.
Arkalaşygyň Baş sekretary duşuşygyň GDA-nyň döredilmeginiň we agza döwletleriň köpüsiniň, şol sanda Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýändigini ýatlatdy. Ol geçen üç ýarym onýyllygyň dowamynda döwletleriň ykdysady garaşsyzlygynyň öz netijeliligini we durnuklylygyny subut edendigini, munuň aýratyn-da, soňky ýyllarda bilelikdäki kooperasiýa gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda aýdyň ýüze çykandygyny nygtady.
«Ykdysady hyzmatdaşlyk has-da pugtalandy, bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrýan köp sanly guramalar döredildi. Häzirki wagtda Arkalaşygyň çäginde 56 pudaklaýyn Geňeş hereket edýär» — diýip, Baş sekretar belledi.
Sergeý Lebedew öz çykyşynda ulag ulgamynyň strategik ähmiýetine we Türkmenistanyň üstaşyr-logistika merkezi hökmünde eýeleýän özboluşly ornuna aýratyn üns berdi.
«Ähli esasy ulag ugurlary — «Gündogar – Günbatar» ugry hem-de «Demirgazyk – Günorta» geçelgesiniň Hazar deňziniň günbatar we gündogar kenarlarynyň ugry boýunça geçýän iki şahasy hem Türkmenistanyň çäginden geçýär. Ýurt ulag ulgamyna uly ähmiýet berýär. Şunuň üçin hem, biz Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Umuman, soňky 35 ýylyň dowamynda ähli obýektiw görkezijilere görä, GDA döwletleriniň ykdysadyýeti üstünlikli ösýär» — diýip, Arkalaşygyň Baş sekretary aýtdy.
