Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny ýollady.
Ol Pakistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan döwlet Baştutanymyza we Türkmenistanyň doganlyk halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edýär. Pakistan Türkmenistan bilen köpasyrlyk medeni ýörelgelere esaslanýan taryhy we doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýär.
— Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň dürli ugurlar boýunça giňeldilmegi bilen, maýa goýum, energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy hem-de sebitleýin gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn — diýlip, Premýer-ministriň gutlag hatynda bellenilýär.
Şahbaz Şarif ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň oňyn depginini has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Pakistana gelip görmäge çagyrýar.