15-nji sentýabr — 27-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasy geçiriler. FIDE-niň howandarlygynda geçirilýän abraýly toparlaýyn ýaryş bütin dünýäden 400-den gowrak ýygyndy topary we 4000-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemlär.
Olimpiadanyň meýdançasynda Türkmenistana iň güýçli türgenleriň 10-sy wekilçilik eder. Ýatlap geçsek, Budapeştde geçirilen öňki olimpiadada türkmen ýygyndy toparlary taryhy netije görkezip, öz toparlarynda (erkekler «B» toparynda, zenanlar «C» toparynda) birinji orunlary eýeläpdiler.
Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň düzümi:
Zenanlar ýygyndysy: Leýla Şöhradowa (milli reýtingiň birinji belgisi), Lala Şohradowa (2026-njy ýylyň ýokary ligasynyň çempiony), şeýle hem ýokary liganyň baýrakçylary Jahan Rejepowa, Mähri Agamyradowa we Ogulsuraý Baýrambaýewa.
Erkekler ýygyndysy: Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew (reýtingiň öňdebaryjylary), şeýle hem 2026-njy ýylyň ýokary ligasynyň baýrakçylary Amanmuhammet Hommadow, Wepaly Halynyýazow we Şahruh Turaýew.
Biziň küştçülerimiz ýaryşa ynamly ýeňişler bilen barýarlar. Şu ýyl olar Merkezi Aziýanyň çempionatlarynda medallara mynasyp boldular, Lala Şöhradowa bolsa Mumbaýda 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda blis boýunça Aziýanyň çempiony boldy.
Ýurduň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew toparyň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny belledi. Ýanwar aýyndan bäri Aşgabadyň küşt mekdebiniň we Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň goldawy bilen güýçlendirilen türgenleşik işleri alnyp barylýar. Şunda Gazagystanyň Küşt federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek möhüm tapgyr boldy: maý aýyndaky okuw-türgenleşiginden we tomusky onlaýn sapaklaryndan soň, häzirki wagtda küştçülerimiz Kokşetau şäherinde halkara grossmeýster Aleksandr Rahmanowyň ýolbaşçylygynda nobatdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndadyrlar.
Milli ýygyndymyz Samarkanda iň gowy sport ýagdaýynda, üstünlige bolan sarsmaz ynam we ýokary baýraklar ugrunda göreşmäge doly taýýarlyk bilen ugraýar. Öňde 11 sany dartgynly tapgyr bar. Biziň türgenlerimiz diňe bir ýurduň abraýyny goraman we öz reýtinglerini ýokarlandyrman, eýsem, Türkmenistanyň baýdagynyň Bütindünýä olimpiadasynyň hormat münberinde ýene-de buýsanç bilen parlamagy üçin ellerinde baryny ederler!
