Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Expo-Chess Cup» halkara ýaryşy geçiriler

MilliInfo

13 Awgust, 2026

Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Expo-Chess Cup» halkara ýaryşy geçiriler

19–20-nji awgustda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde, Türkmenistanda ilkinji gezek 15-den gowrak ýurtdan geljek ýaş küştçileriň arasynda (U8, U10 we U12 ýaş derejelerinde) rapid we blis boýunça «Kids Expo-Chess Cup 2026» resmi halkara şahmat ýaryşy geçiriler.

Küşt tagtalarynyň başynda Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Eýrandan we beýleki ýurtlardan geljek ýaş türgenler duşuşarlar.

Bu ýaryş diňe bir ýaş türgenler üçin däl, eýsem halkara derejesindäki ähmiýetli waka öwrüler. Aşgabada şeýle hem halkara we milli küşt federasiýalarynyň wekilleri, Türkiýeden, Iordaniýadan, Kambodžadan, Nepaldan, Pakistandan, Ýaponiýadan, Şri-Lankadan, Siriýadan, Liwiýadan we beýleki ýurtlardan grossmeýsterler hem-de çempionlar gelerler.

Olaryň gatnaşmagy ýaş küştçileri, tejribeli oýunçylary we halkara küşt jemgyýetçiliginiň wekillerini bir meýdançada jemlemäge, özara söhbetdeşlik, tejribe alyşmak hem-de çagalar küşt ulgamynda halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam eder.

«Kids Expo-Chess Cup» ýaryşy Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) kadalaryna laýyklykda geçiriler we «KIDS EXPO 2026-nyň» işewürlik hem-de sport maksatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolar.

Ýaryş maksatnamasyndan başga-da, gatnaşyjylar we sergä gelen myhmanlar üçin dürli şahmat çäreleri: erkin oýun zolagy, ussatlyk sapaklary, okuw-görkezme sapaklary, tanyşdyryşlar we küşt wiktorinasy guralar. Sergä gelenler küşt tagtasynyň başynda öz ukyplaryny synap, bilimlerini barlap we professional oýunçylar hem-de bilermenler bilen pikir alşyp bilerler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Mekdep küşdüniň Halkara federasiýasy, Türki döwletleriň küşt assosiasiýasy, Gazagystanyň küşt federasiýasynyň «Freedom Asian Chess Initiatives» maksatnamasy, Türkmenistanyň küşt federasiýasy we «TurkmenExpo» kompaniýasy ýaryşyň guraýjylary we hyzmatdaşlary bolup çykyş edýärler.

«KIDS EXPO 2026-nyň» çäginde ilkinji resmi halkara küşt ýaryşynyň geçirilmegi Türkmenistanda çagalar küştüniň ösmegi üçin uly ädim bolar we halkara sport hem-de bilim hyzmatdaşlygyny has-da giňelmegine ýardam berer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info