3 — 7-nji dekabr aralygynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşynyň Balkan welaýatay boýunça tapgyry geçirildi. Ol ýaryşyň dekabrda geçiriljek finalyna gatnaşyjylaryň düzümine soňky nokady goýýan möhüm ýaryş boldy. Bu tapgyr ýaryşa iň köp gatnaşyjynyň bellige alynmagy bilen tapawutlandy: ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen 138 küştçi reýting utuklary hem-de ýylyň baş ýaryşyna gatnaşmak hukugyny almak ugrunda bäsleşdi. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berdi.
Ýaryş şweýsar ulgamynyň düzgünleri boýunça, nusgawy gözegçilik görnüşinde — oýnuň başyndan başlap her göçüme 90 minut + 30 sekunt goşmaça wagt bilen, 9 tapgyrda geçirildi. Ýaryş FIDE-niň halkara reýtinginiň hasaplanmagy bilen utgaşykly dowam etdi.
Balkan welaýat tapgyrynyň netijeleri
Zenanlaryň derejesi
• Leýla Şöhradowa — 9 utukdan 8-si
• Ogulsuraý Baýrambaýewa — 9 utukdan 7-si
• Nurana Söýünowa — 9 utukdan 7-si
Açyk dereje
• Mergen Kakabaýew — 9 utukdan 7,5-si
• Şageldi Gurbandurdyýew — 9 utukdan 7-si
• Sanjar Gaýbullaýew — 9 utukdan 7-si
Balkan welaýat tapgyrynyň doly netijeleri bilen şu çeşme boýunça tanşyp bilersiňiz:
Final tapgyry — möwsümiň aýgytly akkordy
Gran-priniň finaly 13 — 21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda olimpiýa ulgamy (pleý-off) boýunça geçiriler. Bu bolsa ýaryşy has-da dartgynlaşdyrar. Finalyň ýeňijileri diňe bir abraýly atlary almak bilen çäklenmän, eýsem, tapgyryň iň gymmatly baýragyny — Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Ýokary ligasyna göni gatnaşmaga hukuk berýän ýollanmany hem gazanarlar.
Şu ýyl ýurdumyzyň çäginde ilkinji gezek geçirilýän Gran-pri tapgyry küştüň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir: ol ähli welaýatlardaky küştçilere beýleki şäherlere gitmezden, yzygiderli türgenleşik tejribesini artdyrmak üçin elýeterlilik hem ajaýyp mümkinçilik döredýär. Şol bir wagtyň özünde hem, ýurduň iň güýçli oýunçylarynyň dürli sebitlerde çykyş etmegi, ýerli türgenleriň bolsa olar bilen duşuşmaga mümkinçilik almagy üçin şertleri üpjün edýär. Şeýlelikde, täze görnüşdäki möhüm ýaryş zehinli ýaşlary eýýäm ösüşiň irki tapgyrynda ýüze çykarmaga kömek edýär, tejribeli küştçiler üçin bolsa goşmaça höweslendiriş we Türkmenistanyň Ýokary ligasyna çykmagyň täsirli ýoly bolup hyzmat edýär.
