Şahzatbek Mätýakubow XX Aziýa oýunlarynda kümüş medal gazandy

MilliInfo

1 sagat öň

Şahzatbek Mätýakubow XX Aziýa oýunlarynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň agyr atletikaçysy Şahzatbek Mätýakubow 19-njy sentýabr — 4-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX Aziýa oýunlarynda şowly çykyş edip, 110 kg çenli agram derejesinde Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabyna kümüş medal getirdi.

Silterläp götermek görnüşinde 188 kg agramy boýun egdiren ildeşimiz itekläp 222 kg agramy galdyrdy. Şunlukda, iki görnüşiň jemi boýunça 410 kilogramlyk netije görkezen türgenimiz Aziýa oýunlarynyň kümüş medalçysy boldy.

Ýaryşyň altyn medalyna 423 kg (197+226) netije görkezen özbegistanly türgen A.Juraýew mynasyp boldy. Bürünç medaly bolsa iki görnüşiň jemi boýunça 405 kg (185+220) netije bilen Hytaýyň wekili H.Lıu gazandy.

Wise-çempiony ýaryşa baş tälimçi Meretguly Sähetmyradow taýýarlady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info