Şakira Kopakabanany haýrana goýdy: şowhunly konsert 2 milliondan gowrak tomaşaçyny bir ýere jemledi

MilliInfo

5 Maý, 2026

Rio-de-Žaneýro ýene-de dünýä şou-biznesiniň merkezine öwrüldi — meşhur Kopakabana kenarynda Şakiranyň tölegsiz konserti geçirildi. «Todo Mundo no Rio» taslamasynyň çäklerinde guralan bu çykyş taryhdaky iň köp adamly konsertleriň birine öwrüldi: dürli çeşmelerde kolumbiýaly ýyldyzy diňlemek üçin 2 milliondan 3 milliona çenli adamyň ýygnanandygy tassyklanylýar.

00:00 / 00:00

480p

360p
480p

Şowhunly konsert «Las Mujeres Ya No Lloran» («Zenanlar indi aglamaýar») atly taslamasynyň çäklerinde geçirilip, aýdymçynyň latyn amerikan sahnasynyň esasy nyşany (ikonasy) hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrdy. Konsert üçin meýdany 1300 inedördül metrden gowrak bolan rekord derejedäki sahna guruldy. Onuň gerimi boýunça Madonnanyň we Ledi Gaganyň sahalaryndan hem uly bolandygyny bellemek gerek.

Aýdymçy jemgyýetçilik torlarynda bu agşamyň ýüregindäki uly arzuwynyň myradyna gowuşmagy bolandygyny beýan etdi. Bu konsert ýyldyzyň dünýä syýahatynyň bir bölegi bolmak bilen, jahankeşdeleriň köpçülikleýin gelmegi netijesinde şähere, takmynan, 155 million dollar girdeji getirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info