Modelýerler üçin mümkinçilik: öz kolleksiýaňyzy Sankt-Peterburgda tanyşdyryň!

MilliInfo

2 sagat öň

Modelýerler üçin mümkinçilik: öz kolleksiýaňyzy Sankt-Peterburgda tanyşdyryň!

«Kreatiw ykdysadyýetiň günleri» forumyna gabatlanyp geçirilýän eşik dizaýnerleriniň bäsleşigine arzalary kabul etmek başlandy. Abraýly «Moda arkalaşygy» halkara forumynyň dowamy boljak bu çäre 2026-njy ýylyň 28-30-njy oktýabry aralygynda Sankt-Peterburg şäheriniň Tawriçeskiý köşgünde geçiriler.

Modelýerler arzalaryny 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli tabşyryp bilerler. Saýlap alnan ýeňijiler 29-njy oktýabrda geçiriljek moda görkezilişinde 15 lybasdan ybarat bolan kolleksiýasyny mugt tanyşdyrmaga hukuk gazanarlar.

Forum Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň, Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň we Strategik başlangyçlar agentliginiň goldawy bilen guralýar. Ol gastronomiýadan başlap wideooýunlara çenli kreatiw ugurlaryň 16-synyň hünärmenlerini birleşdirer. Işewürlik maksatnamasynyň üns merkezinde halkara hyzmatdaşlygy, ýerli brendleriň öňe sürülmegi we hünärmenler meseleleri durar. GDA ýurtlarynyň we Russiýanyň sebitleriniň dizaýnerleriniň görkezilişleri bolsa çäräniň iň esasy wakalaryna öwrüler.

Çärä gatnaşyjylaryň sanynyň örän köp bolmagyna garaşylýar: geçen ýyl şuňa meňzeş waka dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden, şol sanda Türkmenistandan, Belarusdan, Gazagystandan we Arkalaşygyň beýleki ýurtlaryndan 3000-e golaý adam gatnaşdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info