Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görülmegine bagyşlanan çäre geçirildi. Oňa Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary derejeli myhmanlary, döwlet Baştutanlaryny mähirli garşylady.
Gahryman Arkadagymyz çäräni açmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň şu duşuşygyna gatnaşýandyklary üçin hemmelere hoşallyk beýan edildi.
Bu ýerde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem çykyş etdi. Doganlyk ýurduň döwlet Baştutany konsultatiw duşuşygyň geosyýasy şertlerde stratetigiki çözgütleri işläp düzmegiň netijeli mehanizmi bolmagynda galýandygyny tassyklady.
— Bu duşuşyk durnukly ösüşi, üpjün etmek, howpsuzlygy, ykdysady ösüşi, ekologiýa, suw we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm sebit platformasy bolar — diýip, doganlyk ýurduň Prezidenti belledi.
Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň soňky ýyllarda geçirilen konsultatiw duşuşyklary sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we onuň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge goşant goşýan format hökmünde öz netijeliligini görkezdi.




