19-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «C5+1» görnüşindäki ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Samarkanta baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi.
Raşid Meredow Özbegistanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Taraplar özbek-türkmen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ähli derejelerdäki aragatnaşyklaryň işjeňligine ýokary baha berildi, şeýle hem täze guralyň — Strategik hyzmatdaşlygyň Ýokary geňeşiniň döredilendigi bellenildi. Söhbetdeşler söwda we ýük daşamalaryň möçberiniň durnukly ösüşini, şeýle hem «Şawat — Daşoguz» serhetýaka söwda zolagynyň üstünlikli işlemegini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Öň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary ýokary hilli durmuşa geçirmäge hem-de öňde boljak III Sebitler forumyna, şeýle hem Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet we kino günlerine görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
