Pablo Pikassonyň bahasy bir million ýewro deň bolan asyl nusgadaky eseriniň eýesi bolmak mümkinçiligi indi diňe bir lotereýa peteginiň bahasyna deňdir. Parižde suratkeşiň 1940-njy ýyllarda döreden ajaýyp işi — ylham perisi Dora Maaryň portreti, başgaça «Zenan kellesi» («Голова женщины») atly eseri üçin bije çekiler.
Guramaçylar 120 müň bileti satuwa çykardylar. Şeýlelikde, toplanan ähli serişdeler, takmynan, 12 million ýewro Fransiýanyň Alsheýmer keselini öwreniş gaznasyna geçiriler.
Bu sungata bolan höwesiň örän wajyp ylmy barlaglary maliýeleşdirmäge ýardam bermegi bolup, dünýäde seýrek duş gelýän ýagdaýlaryň biridir.