Milli kinematografiýanyň naýbaşy eserleri: Döwlet simfoniki orkestri özboluşly maksatnamany taýýarlaýar

MilliInfo

3 sagat öň

Milli kinematografiýanyň naýbaşy eserleri: Döwlet simfoniki orkestri özboluşly maksatnamany taýýarlaýar

Paýtagtymyzynyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin kinonyň jadyly dünýäsiniň simfoniki owazlarda janlanjak aýratyn sazly agşamy taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tomaşaçylara täze tematik maksatnamany hödürlär.

Garaşylýan konsertiň çäklerinde türkmen kinematografiýasynyň nusgawy eserlerinden meşhur we hemmeleriň söýgüli sazlary ýaňlanar. Orkestriň janly ýerine ýetirmegindäki sazlar myhmanlara tanyş kinofilmlere täzeçe garamaga mümkinçilik berer, ýakymly ýatlamalary döreder we olaryň uly kino sungatynyň gurşawyna aralaşmagyna şert döreder.

Senesi we wagty: 25-nji iýun, sagat 19:00-da

Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi

Habarlaşmak we biletleri sargyt etmek üçin telefon: 72-45-12

Bu agşam ähli sungat söýüjiler üçin milli kino we belent saz sungatynyň dünýäsine gyzykly sazly syýahat üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info