Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda ahalteke bedewleriniň arasynda atçylyk sporty boýunça dünýä çempionaty we halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär.
Bu abraýly foruma 25 ýurduň wekilleri gatnaşýarlar. Ýaryşa jemi ýüzden gowrak at getirilip, olaryň 30-sy Türkmenistanyň saýlama genofondyna degişlidir. Ýaryşlar bedewleriň tohum aýratynlyklaryny synlamagy, konkur bäsleşigini we çapuw ukyplaryny görkezmegini öz içine alýar. Eminler topary bedewleriň bedeniniň gurluşynyň sazlaşygyna, hereketleriniň nepisligine we reňkine baha berýärler.
Birinji günde birden dört ýaş aralygyndaky dürli toparlarda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşildi. Bedewleriň türkmen milli şaý-sepleri: el işi bolan kümüş şaýlar, eýerler we alajalar ýaryşa aýratyn öwüşgin berdi.
Ýaryşyň netijeleri boýunça türkmen ahalteke bedewleri baýrakly orunlaryň altysyny eýelediler:
Iki ýaşar gylýallar: 1-nji orun — Jeren gözli, 2-nji orun — Ak monjuk.
Iki ýaşar atlar: 1-nji orun — Meledag.
Üç ýaşar gylýallar: 3-nji orun — Al ýaňak.
Üç ýaşar atlar: 1-nji orun — Güneş, 2-nji orun — Gözbaş.
Dört ýaşdan uly bedewler bolsa dünýäniň absolýut çempiony ady ugrunda bäsleşerler.
Halkara çäräniň çäklerinde goňşy Wenraý şäherinde «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. ABŞ-dan, Italiýadan, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan gelen bilermenler, alymlar we atşynaslar tohumyň taryhy köklerini, onuň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetini, genetika meselelerini we behişdi bedewleriň sungatdaky keşbini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň esasy wakasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň niderland diline terjime edilen «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu neşir türkmen atçylygynyň köpasyrlyk däplerini jikme-jik beýan edýär we pudagyň hünärmenleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
