24-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi.
Mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary we daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar, ilki bilen, türkmen alabaý itleriniň edermenligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, fotosuratlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik eserleriniň sergisini synladylar.
Mejlisde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine garaldy. Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Bu ýerde Türkmenistanyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk esasynda dünýä ýurtlarynyňdyr halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlydygy bellenildi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalarynyň sanynyň yzygiderli artmagy, şol sanda onuň düzümine daşary ýurtly kinologlaryň hem kabul edilmegi türkmen alabaýynyň dünýä derejesinde wepalylygyň, dostlugyň nyşanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, türkmen alabaýy halkymyzyň taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdan medeni gymmatlygydyr. Alabaýlar tutuş dünýäde güýç-kuwwaty, akyllylygy we wepalylygy bilen meşhurlyk gazanyp, iň gadymy hem-de naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýar. Bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmaty örän uludyr. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda alabaýlaryň eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, alabaýlaryň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, olara tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi. Nygtalyşy ýaly, dünýäde alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, olaryň eýesine wepalylygyny giňden wagyz etmek zerurdyr.
Soňra bu ýerde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalaryny we hususy itşynaslary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi — yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi B.Halwatjanowa we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi P.Bäşimowa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.
Mejlise gatnaşyjylar milli itşynaslyk ýörelgelerini halkymyzyň baý medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde gorap saklamak baradaky aladalary hem-de berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
