Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 10–19-njy iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen 58-nji halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyza dört medal getirdiler.
Şu ýyl abraýly halkara bäsleşige dünýäniň 92 ýurdundan 363 sany zehinli okuwçy gatnaşdy. Türkmenistana bu olimpiadada Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatyň topary wekilçilik etdi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça ýurdumyzyň wekilleri 1 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar. 11-nji synp okuwçysy Pälwan Ilmämmedow kümüş medala mynasyp boldy. 12-nji synp okuwçylary Diýar Döwletow, Aýlar Orunowa hem-de Rüstem Jumaýew bolsa bürünç medallary gazandylar.
Abraýly halkara olimpiadanyň dowamynda türkmen okuwçylary himiýa ugry boýunça çuň nazary bilimlerini, şeýle hem tejribe işlerini ýokary derejede ýerine ýetirmek başarnyklaryny görkezdiler.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň gazanan ajaýyp üstünligi milli bilim ulgamynyň ýokary derejesini, zehinli ýaş nesliň giň aň-paýhas mümkinçiliklerini hem-de halkara giňişliginde täze belentlikleri eýelemäge bolan ymtylyşyny aýdyň görkezýär. Şeýle üstünlikler ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine mynasyp goşantdyr.
