Ýurdumyzyň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi okuwa kabul etmegi dowam edýär

MilliInfo

11 Awgust, 2025

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul etmegi dowam edýär:

1. Howa gämileriniň awiasion we radioelekron enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy
2. Howa gämileriniň we awiaherekete getirijileriniň tehniki taýdan ulanylyşy
3. Howa ulaglarynyň hereketini dolandyrmak
4. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek
5. Howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy
6. Awiasiýa ýangyç-çalgy serişdeleriniň öndürilişi, saklanylyşy, daşalyşy, guýluşy we olaryň hil barlagy.

Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary (oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.

Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Dalaşgärleriň ýaşy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly - 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Gerekli resminamalary aşakda görkezilen çeşmelerden tapyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo