Paýtagtda meşhur piyaninoçy Wladimir Mkrtumowyň gatnaşmagynda «Roýalyň başyndaky söhbetdeşlik» tapgyryndan nobatdaky agşam geçiriler. Güýz duşuşygynyň aýdym-saz maksatnamasy dolulygyna beýik polýak kompozitory, «fortepianonyň şahyry» Friderik Şopeniň döredijiligine bagyşlanar.
Myhmanlara XIX asyryň Pariž salonlarynyň üýtgeşik gurşawy, janly saz hem-de beýik romantigiň ömür we söýgi syrlary, şeýle hem näme üçin onuň bedeniniň Parižde jaýlanyp, ýüreginiň bolsa hemişelik Warşawa degişlidigi baradaky gyzykly söhbetdeşlik garaşýar.
Guramaçylar süýjülikler bilen baýlaşdyrylan ýakymly şertleri wada berýärler, her bir zenana bolsa Maestro tarapyndan hakyky şopençilik äheňindäki aýratyn hem-de mähirli sowgat garaşýar.
Çäre 8-nji noýabrda sagat 18:00-da «Paýtagt» myhmanhanasynyň «Şokoladnisa» («Шоколадница») kafesinde geçiriler (salgysy: Magtymguly şaýoly, 74).
Stollary sargyt etmek eýýäm açyk, ýöne kiçi (kameral) zaldaky ýerleriň sany çäklidir.
Ýazylmak we goşmaça maglumatlary anyklamak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz:
+993 63 508877, +993 64 037456 we +993 63 467177.
