Serhetsiz şoping: «Ozon» Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin hyzmatlaryny hödürläp başlaýar

MilliInfo

5 sagat öň

Şu gün — 27-nji martda öňdebaryjy köpugurly onlaýn söwda platformalarynyň biri bolan «Ozon» Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin hyzmatlaryny işe girizýändigi barada habar berdi.

Häzirki wagtda «ozon.tm» platformasynda Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna çagalar üçin niýetlenen harytlardan başlap, öý tehnikalaryna çenli dürli derejelere degişli bolan 150 milliondan gowrak haryt elýeterlidir.

Ilkinji tapgyrda eltip berme hyzmaty diňe Aşgabat şäherinde elýeterli bolar — müşderiler öz sargytlaryny «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinden alyp bilerler.

Aprel aýyndan başlap kompaniýa öz logistiki mümkinçiliklerini ýurduň beýleki welaýatlarynda hem ýaýbaňlandyrmagy, ýagny giňeltmegi we çapar hyzmatlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Başda sargydy eltip bermegiň möhleti, takmynan, 10 güne çeker. Geljekde bolsa eltip bermegiň wagty has gysgalar.

«Şu günden başlap biz GDA döwletlerinden bolan millionlarça müşderilerimiziň hataryna Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny hem goşýandygymyza örän begenýäris» diýip, «Ozonyň» GDA döwletleri boýunça Baş direktory Natalýa Boer belledi.

«Biz ýurdyň elektron söwdasynyň ösüşinde uly mümkinçilik görýäris hem-de platformamyzyň ýerli ilata gündelik söwdasynda gowy kömekçi boljakdygyna ynanýarys.

Munuň üçin bizde dürli görnüşli harytlaryň giň toplumy, elýeter bahalar we ygtybarly hyzmat ýaly ähli zerur şertler bar».

«Ozon» öz halkara işini 2021-nji ýyldan bäri işjeň ösdürip gelýär.

Häzirki wagtda kompaniýa Türkmenistandan daşary, ýene 10 ýurtda alyp barýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info