Serhetsiz şoping: «Türkmenpoçta» dünýäniň iň iri marketpleýsleri bilen eltip bermek hyzmatyny ýola goýýar

MilliInfo

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy dünýäniň iri marketpleýsleri bilen poçta ýollamalaryny eltip bermek boýunça häzirki zaman çözgütlerini ornaşdyrmagy dowam etdirýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda «Amazon», «eBay», «AliExpress», «Rakuten», «Wildberries», «Adex», «Omniva», «Интернет Решения» ýaly daşary ýurtlaryň iri internet-söwda meýdançalaryndan, internet dükanlaryndan satyn alnan harytlaryň Türkmenistana iberilmegini guramak boýunça täze ýönekeýleşdirilen hyzmatlar ildeşlerimiz üçin elýeterli bolar. Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Poçta ugratmalarynyň işlenişiniň açyklygyny we ýokary tizligini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenpoçta» Bütindünýä poçta birleşiginiň esasy sanly ekoulgamlaryna birikdi:

  • IPS (International Postal System): poçta ugratmalaryny (posylkalary) başdan-aýak yzarlamak üçin halkara ulgamy.

  • CDS (Customs Declaration System): awtomatlaşdyrylan gümrük deklarasiýasyny düzmek üçin sanly platforma.

Bu ulgamlaryň ulanylmagy logistikany dolulygyna awtomatlaşdyrmaga, maglumat alyş-çalyşygynyň howpsuzlygyny kepillendirmäge we hyzmatyň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Müşderiler öz sargytlaryny hakyky wagt tertibinde yzarlap bilerler, gümrük amallaryndan geçiş tapgyry bolsa has çalt we netijeli bolar.

Kompaniýanyň häzirki strategiýasy elektron söwda ulgamynda innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga hem-de Türkmenistany dünýäniň iri söwda ägirtleri bilen baglanyşdyrýan ygtybarly logistiki ulgamy döretmäge gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info