25–26-njy awgust aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň kiçi tikinçilik kärhanalarynyň, tikinçilik öýleriniň we dizaýnerleriň wekilleri üçin iki günlük amaly okuw maslahaty (seminar) geçirildi. Maksatnama tikinçilik önümleriniň özüne düşýän gymmatyny hasaplamak we önümleriň kalkulýasiýasyna esaslanyp, dolandyryş boýunça netijeli çözgütleri kabul etmek meselelerini öz içine aldy. Çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan guraldy.
Seminara tikinçilik pudagyndan 20-den gowrak kompaniýanyň we telekeçileriň wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylar aýratyn sargytlaryň gymmatyny we girdejiligini hasaplamagy, şeýle hem meýilleşdirilen we hakyky çykdajylary deňeşdirmegi öwrendiler. Mundan başga-da, önümiň hiline zeper ýetirmezden çykdajylary azaltmagyň ýollary, şol sanda materiallary netijeli ulanmak, önümçiligi guramagy optimallaşdyrmak, enjamlara maýa goýmak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw mysallary (keýsler) ýerli tikinçilik kärhanalarynyň iş aýratynlyklaryna uýgunlaşdyryldy. Diňleýjiler amaly ýumuşlary ýerine ýetirmek bilen, şertli sargytlar boýunça hasaplamalary düzdüler, çykdajylaryň tapawutlanmagynyň sebäplerini seljerdiler we zähmet serişdelerini rejeli peýdalanmak üçin çözgütleri tapdylar. Alnan bilimler telekeçilere önümçiligi has takyk meýilleşdirmäge we işewürligi ösdürmek üçin esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge kömek eder.
Bu okuw maslahaty HSM-niň Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de olaryň sebitara we halkara bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alyp barýan ulgamlaýyn işleriniň bir bölegidir.
«Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasy barada
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu taslama işewürlik gurşawyny gowulandyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligiň (KOT) bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda ykdysady ösüşe ýardam etmäge we mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Taslama Türkmenistanyň sebitara we ählumumy söwda, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen bolan söwda gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna ýardam eder.
